77-nji Wenesiýa film festiwaly açyldy

  • 04.09.2020 14:38
  • 3.7k+

77-nji Wenesiýa film festiwaly açyldy. Munuň özi pandemiýa başlaly bäri, kino äleminiň dünýä derejesindäki ilkinji wakasy boldy. Bu barada Euronews habar berýär.

Dünýäniň iň gadymy film görkezilişini öz içine alýan Biennale direksiýasy koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dörän ýagdaýlara seretmezden, däp bolan formatdan ýüz öwürmedi we çäräni onlaýn ýagdaýda geçirmedi.

"Biz öýden çykmaly, kinoteatra gitmeli, ýene-de gowy filmleri düşürmeli. Kinematograf mundan artyk karantinde oturyp bilmez. Zerur bolan ähli howpsuzlyk çärelerini görüp, baryny täzeden başlamaly we muny mümkin zada öwürmeli" diýip, Wenesiýa film festiwalynyň direktory Alberto Barbera belleýär.

Şu ýyl festiwalda “Altyn ýolbars” baýragy ugrunda 18 film bäsleşer, olaryň arasynda kino sungatynyň tanymal şahsyýetleri Andreý Konçalowskiý, Janfranko Rozi, Kornel Mundrutso, Majid Majidi dagynyň hem döredijilik işleri bar. Ýaryşdan daşary, festiwala gatnaşyjylar Pedro Almodowaryň täze filmi görkeziler. Foruma 50 ýurtdan jemi 65 film gatnaşar. Halkara emin agzalaryna meşhur awstraliýaly aktrisa Keýt Blanşet başlyklyk eder.
Tomaşaçylaryň arasynda howpsuz aralygy üpjün etmek maksady bilen, ähli zallardaky oturgyçlaryň sany azaldyldy. Myhmanlar teatrlarda-da, daşarda-da örtük ​​geýmeli edildi. Girelgede her kimiň temperaturasy ölçelýär. Emma Barbera bu çärelere ýakyn wagtda öwrenişilip, adamlaryň, öňküleri ýaly, kinodan lezzet alyp biljekdigine ynanýar.
Festiwal 12-nji sentýabra çenli dowam eder.

11.06.2026 13:03
6.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....