Russiýada koronawirusa garşy sanjymyň birinji tapgyry öndürildi

  • 16.08.2020 09:08
  • 30k+

Gamaleýa adyndaky merkez tarapyndan taýýarlanan COVID-19 koronawirusyna garşy sanjymyň birinji tapgyry öndürildi, bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

Önümçiligiň başlanýandygy barada ministrlikde öň, şenbe güni habar berildi. Gamaleýa adyndaky merkeziň müdiri Aleksandr Ginsburg koronawirusa garşy sanjymyň aýda 5 mln doza möçberinde önümçiligini dekabr-ýanwar aýynda amal etmegiň meýilleşdirilýändigini, ýurduň serişde bilen bir ýylyň içinde doly derejede üpjün ediljekdigini aýtdy.
Sanjym Zelenogradda (“Sistema” AMK-a girýär) “Binnofarm” farmaseptik kärhanasynda öndüriler. “Sistema” AMK (Aksioner maliýe korporasiýasy) “Binnofarm” kärhanasynyň ýylda 1,5 mln doza sanjymy öndürip biljekdigini habar berdi.

düýn 23:14
3.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....