Menejer: Habibiň ýüregi ýaraly, ýöne ol Jastin Getži bilen söweşer

  • 19.07.2020 15:26
  • 24k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow kakasy ýogalandan soň guramadaky karýerasyny dowam etdirer diýip, söweşijiniň dolandyryjysy Ali Abdel-Aziz "TMZ" neşirine aýtdy. Muny Sputnik agentligi ýetirýär.

Maý aýynyň başynda Abdulmanap Nurmagomedow keselhana ýerleşdirilipdi, COVID-19-yň dowam edýän günlerinde onuň ýürek bilen bagly ýagdaýy hasam erbetleşipdi. 3-nji iýulda bolsa UFC ýyldyzynyň kakasy aradan çykdy.
Dolandyryjynyň sözlerine görä, Nurmagomedow 2020-nji ýylda Jastin Getži bilen söweşmegi meýilleşdirýär.
"Habib diňe bir kakasyny däl, eýsem, tälimçisini, terbiýeçisini, iň gowy dostuny hem ýitirdi. Habibiň kakasy bilen näderejede ýakyndygyna her kim düşünýär. Onuň ýüregi ýaraly, ýöne söweşini dowam etdirer, sebäbi kakasy oglunyň sportda üstünlik gazanmagyny we zehinini dünýä bilen paýlaşmagyny isleýärdi. Getžiniň munuň üçin iň gowy garşydaşdygyna ynanýaryn" - diýip, Abdel-Aziz belledi.
Jastin Getži 9-njy maýda Toni Fergýusony möhletinden öň ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýlelikde, ol Nurmagomedow bilen ýüzbe-ýüz bolmaga ilkinji dalaşgäre öwrüldi. 31 ýaşly amerikaly pälwanyň garyşyk söweş sungatynda 22 ýeňşi we 2 ýeňlişi bar. Nurmagomedow bolsa MMA-da 28 gezek söweşe çykyp, ýeke gezek hem ýeňilmedi.

Ýakynda TmCars-Habarlaryň habar berşi ýaly, Absolute Fighting Championship-iň (UFC) ýolbaşçysy Deýna Uaýt Habib Getži bilen söweşmekden ýüz öwürse, Dastin Porýeni ätiýaç hökmünde göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.8k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....