Tozgajyk COVID-19-yň soňuna çykyp biler

  • 15.07.2020 12:38
  • 36k+

Gollandiýanyň Açyk uniwersitetiniň we Erazmus lukmançylyk merkeziniň alymlary howada tozganyň peýda bolmagynyň hem-de grip ýokuşma sanynyň çalt azalmagynyň arasyndaky baglanyşygy açyp görkezýän makalanyň deslapky neşirini çap etdiler. Olar bu tendensiýanyň täze koronawirusa hem degişlidigine ynanýarlar. Bu barada iz.ru habar berýär.

Barlagçylar Gollandiýada 2016–2020-nji ýyllar aralygynda gripiň we tozanyň ýagdaýyny, şeýle hem COVID-19-yň ýaýraýşyny deňeşdirip gördüler. Tozganyň peýda bolmagy bilen Günüň işjeňleşmeginiň sazlaşygy baradaky maglumatlar dümew ýaly epidemiýalaryň, şol sanda koronawirusyň möwsümleýinligini görkezip biler diýen netijä geldiler.
Howada köp mukdarda tozganyň peýda bolmagy, wirusy öz içine alýan mikrodroplaryň birleşmegine sebäp bolup bilýär, bu bolsa onuň ýaýramagyny haýalladýar diýip, Moskwanyň Fizika we Tehnologiýa Institutynyň biofizika kafedrasynyň dosenti Oleg Batişýew «Известия» üçin eden çykyşynda aýtdy.
"Beýleki tarapdan seredeniňde, gülleme hadysasy howanyň we gün işjeňliginiň belli bir temperaturasynda başlaýar, bu hem wirusa täsir edýär, ýagny ýokary temperatura we ultramelewşe şöhle wiruslaryň ýaýramagyny gowşadýar. Şonuň üçin hem munuň ýönekeý bir tötänlik bolaýmagy hem ähtimal" - diýip, Batişew belleýär.
Neşiriň awtorlarynyň özleri, öz nusgalaryna görä, SARS-CoV-2 dümewiň beýleki wiruslary bilen bilelikde, demirgazyk ýarym şarda tozga möwsüminiň tamamlanýan döwründe - güýzde we gyşda has işjeň bolup biljekdigini öňe sürýärler.

düýn 12:08
4.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......