ABŞ koronawirusa garşy sanjymlaryň adamlarda üstünlikli synagy barada habar berdi

  • 20.05.2020 22:53
  • 8k+

Moderna amerikan biotehnologik kompaniýasy koronawirusa garşy sanjymlaryň kliniki synaglarynyň birinji tapgyrynyň üstünlikli tamamlanandygy barada habar berdi. Bu barada ria.ru belleýär.
Bu serişdäni meýletinçiler toparynda barlap görmek işleri aprel aýynda başlandy. Moderna kompaniýasynyň beýannamasynda mRNA-1273 sanjym kabul edilenden soň, synaga gatnaşyjylaryň antibedenjikleriniň möçberiniň serişdäniň mukdaryna baglylykda COVID-19 bilen kesellän adamlaryň ganyndaky degişli görkezijiden ýa-ha artýandygy, ýa-da şol bir derejesinde saklanýandygy bellenilýär.
Başlangyç tapgyrda serişde özüni howpsuz görkezdi, ol kynçylyksyz geçýär. Kompaniýa kliniki synaglaryň teswirnamasyny tamamlamak üçin ahyrky tapgyry iýulda başlamagy meýilleşdirýär.
Reýter agentligi beýanat neşir edilenden soň, kompaniýanyň paýnama bahasynyň 25% ýokarlanandygyny belleýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp amerikan alymlarynyň 2020-nji ýylyň ahyryna çenli sanjymy döretjekdiklerini habar berdi. Ol özüniň hasabyna “aňryýany bilen ynanýandygyny” belledi we ABŞ-da sanjymyň üstünde düýpli işiň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Maýyň ortalarynda Sorrento Therapeutics kompaniýasyny esaslandyryjy Genri Ji kompaniýanyň alymlarynyň koronawirusy doly blok etmäge we ony üç günüň içinde organizmden çykarmaga ukyply bolan antibedenjikleri tapandygyny aýtdy.
BSGG-niň soňky maglumatlary boýunça, dünýäde 4,6 milliondan gowrak kesel ýagdaýy bellige alyndy, 311 müňden gowrak adam ýogaldy.

düýn 23:14
3.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....