«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlary bes etmeginiň möhletini uzaltdy

  • 18.05.2020 23:38
  • 25k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi dünýäde COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly halkara gatnawlaryny bes etmeginiň möhletini şu ýylyň 20-nji iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada ArzuwNews habar berýär.
Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär.
Ýatlatsak, mundan öň, «Türkmenhowaýollarynyň» halkara gatnawlary 20-nji maýa çenli ýatyrylypdyr.
Belläp geçsek, Türkmenistanda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi.

şu gün 09:50
3.5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......