«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlary bes etmeginiň möhletini uzaltdy

  • 18.05.2020 23:38
  • 25k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi dünýäde COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly halkara gatnawlaryny bes etmeginiň möhletini şu ýylyň 20-nji iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada ArzuwNews habar berýär.
Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär.
Ýatlatsak, mundan öň, «Türkmenhowaýollarynyň» halkara gatnawlary 20-nji maýa çenli ýatyrylypdyr.
Belläp geçsek, Türkmenistanda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi.

19.02.2026 00:20
4.2k+

Awstraliýada 100 ýyl bäri birinji gezek täze şäher gurlar

Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar...

12.02.2026 04:29
6.4k+

Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk

MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň  gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi...

09.02.2026 18:55
9.8k+

Ýer ýüzüniň iň gök we dury suwy nirede ýerleşýär

Alymlar owadan suratlara ýa-da subýektiw garaýyşlara däl-de, ylmy maglumatlara esaslanyp, Ýer ýüzündäki haýsy suwlary iň gök we dury suwlar hasaplap boljakdygy baradaky soraga jogap bermäge synanyşdy diýip, IFLScience neşiri habar berýär...

09.02.2026 16:11
6.9k+

Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy.  Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär...