Лучшие электрокары, которые поступят в продажу в 2020 году

  • 08.02.2020 22:35
  • 3.2k+

Awtomobilleriň bazary her ýylda döwrebap ulag serişdeleri bilen doldurylýar. Öndürijiler öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de herekete getirijileriň täze görnüşlerine geçmäge has köp üns berýärler. Häzirki wagtda elektrokarlar iň bir ekologik ulaglar hasaplanylýar. «OANews» neşiriniň žurnalistleri 2020-nji ýylyň iň täze elektrokarlarynyň bäşligini düzdi.
Reýtingiň başyny Audi e-tron Sportback başlaýar. Bu awtomobil geçen ýylyň ahyrynda tanyşdyryldy, ýöne onuň önümçiligi ýazda başlanar. Modeliň aýratynlygy awtoulag islendik ýolda rahat hem-de howpsuz dolandyrmaga mümkinçilik berýän doly herekete getiriji döwrebap ulgamdan ybarat. Modeliň akkumulýatory 446 kilometr ätiýaçlyk ýoly üpjün edýär. Audi e-tron Sportback Ýewropada 2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda satuwa çykar.
Tesla Model Y. Model 2019-njy ýylyň mart aýynda resmi taýdan hödürlenildi. Ulag serişdesiniň çykarylmagy relizinden 12 aýdan soňa, ýagny 2020-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirilen. Amerikan öndürijisiniň elektromotor bilen üpjün edilen bu awtomobiline dünýä bazarynda örän köp isleg bildirilýär. Ulagyň artykmaçlygy howpsuzlygyň ýokary görkezijisinden hem-de öndürijileriň hemişe kämilleşdirmegiň üstünde işleýän gowy tehniki başarnyklaryndan ybaratdyr. Awtomobil aýratyn Gigafactory kärhanasynda öndürilýär.
Sanawda hereketler we wirtual kömekçiniň kömegi bilen ses arkaly dolandyrylýan enjam paneliniň uly ekrany bilen üpjün edilen Ford Mustang Mach-E hem bar. Elektromobil 270 a.g. güýçli gurluşa eýe boldy. Daşky keşbi boýunça model benzin herekete getirijili ulaglardan tapawutlanmaýar. Ulag serişdesiniň ätiýaçlyk ýoly bir gezek zarýadlanmada 400 kilometre ýetýär.
Reýtingiň yzyny Rivian R1T pikapy dowam etdirýär, bu model diňe ABŞ-da deslapky sargyt üçin elýeterli. Bu awtomobil elektrik çekiş güýçli ilkinji pikaplaryň biri.
Sanawyň ahyrynda bir gezek zarýadlanmada 400 km-i geçmäge mümkinçilik berýän akkumulýatorly BMW iX3 getirilýär. Bu elektromobil baradaky anyk maglumatlar ýazda peýda bolar. Bu ulagyň çykarylmagynda öndüriji sürüjiniň we ýolagçylaryň rahatlygyny göz öňünde tutupdyr.

сегодня 15:17
984

BMW объявила дату презентации седана i3

Компания BMW объявила дату официальной презентации электрического седана i3. Новую модель представят 18 марта. Производитель также показал тизерное изображение передней части автомобиля. Седан станет второй моделью в новой электрической линейке Neue Klasse...

сегодня 11:01
3.7k+

Папе Римскому подарили уникальный Ford Explorer с личными номерами

Глава компании Ford Джим Фарли передал Папе Римскому Льву XIV специальную версию внедорожника Ford Explorer. Основой для машины стал Ford Explorer Platinum 2026 года. Кроссовер получил чёрный кузов с хромированными элементами и персонализированные номерные знаки «DA POPE» и «LEO XIV»...

вчера 20:33
4.7k+

Роскошный кроссовер Rolls-Royce Cullinan получил агрессивный тюнинг

Тюнинг-компания Venuum представила необычную версию роскошного кроссовера Rolls-Royce Cullinan. Проект получил название Black Cullinan Venuum Tyrannus и отличается экстремально расширенным кузовом. Главной особенностью автомобиля стал агрессивный widebody-обвес...

вчера 16:19
4.5k+

Ford Mustang 2003 года продали на аукционе за $175 тыс.: что в нем особенного?

На онлайн-аукционе Bring a Trailer продали купе Ford Mustang 2003 года в версии SVT Cobra за 175 тысяч долларов. Для сравнения, стоимость нового Mustang в США начинается с 32,6 тыс. долларов. Высокая цена объясняется состоянием автомобиля...