Daşary ýurt diplomlary Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek hakynda maglumat

  • 03.05.2019 11:38
  • 10k+

Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerinde okamagy bilen bagly kabul edilen täze Tertip barada düşündirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Hemra Haýyrow bilen söhbetdeş boldular. Turkmenportal habarlar portalynda ýerleşdirilen şol söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
- Daşary ýurt döwletlerinde berlen diplomlary Türkmenistanda ykrar etmek boýunça  täze Tertibiň hereket edip başlandygyny eşitdik. Täze Tertibiň işlenip düzülmeginiň asyl sebäbi näme?
- Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy Karary bilen “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi” tassyklanyldy.
Şu Tertibi ulanmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan  Gözükdiriji işlenilip taýýarlanyldy we  2019-njy ýylyň      29-njy martynda 80 belgili buýruk bilen tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan, şol sanda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyndan ugur alyp, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklaryny gazanmak maksady bilen, daşary ýurt döwletlerinde berilýän resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar şu resminamalarda göz öňünde tutuldy.
- Bu talaplar nämeden ybarat bolup durýar?
Bu talaplar:
― Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynagatnaşyjy ýurtlar üçin döwlet hünär bilimiedaralarynda okalmaly;
― Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça diplomlar dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen bolmaly;
― okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmaly.
- Ýagny, döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk beýleki islendik hünärler boýunça  gündizki görnüşinde okalyp alnan resminamlar ykrar edilende çäklendirme ýok diýsek dogry bolýarmy?
- Ýokarda belleýşimiz ýaly, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk hünärler  boýunça islendik daşary ýurt döwletleriniň hünär okuw mekdeplerine (GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet hünär bilimi edaralaryna) okuwa gidilip, okalyp alnan resminamalar ykrar ediler.
- Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna haýsy hünärler degişli bolup durýar?
- Bu hünärlere esasan ykdysadyýet, hukuk, dil ugurly hünärleri mysal getirmek bolar. Şol hünärler boýunça giňişleýin maglumaty Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we welaýat, şäher hem-de etrap bilim bölümlerinden alyp bolar.
- Hünärler boýunça talaplar öňki okap ýören talyplar üçin hem degişlimi?
- Hünärler boýunça bildirilýän talaplar mundan beýläk daşary ýurtlara okuw maksatly gidýänlere degişli bolup durýar. Ýagny, hünär bilimini almak üçin 16.03.2019ý. senesinden soňra okuwa girýänlere degişlidigini ýene bir gezek belläp geçeýin.
- Häzirki wagt dil taýýarlygyny okap ýörenlere şu talaplar degişlimi?
- Heniz hünär bilimine başlamandygy sebäpli şu bildirilýän talaplar dil taýýarlygyny okaýanlara hem degişli bolup durýar.
- Dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyny nireden öwrenip bolýar?
- Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň 2019-njy ýyl üçin kesgitlän sanawyna giren daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň atlary “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň resmi internet sahypasynda elýeterlidir.
- Okuwyň gaýybana görnüşinde okuwyny tamamlan, häzirki wagtda okap  ýören ýa-da mundan beýläk okuwa gitjek raýatlaryň resminamalaryny ykrar etmek boýunça hem has giňişleýin gürrüň beräýseňiz.
- Mundan beýläk okuwa gitjekler üçin okuwlaryň gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydygyny biz belläp geçdik.
Häzirki wagtda okuwyň gaýybana görnüşini tamamlan ýa-da okap ýören raýatlar üçin şu aşakdakylar aýratyn bellemek isleýärin:
2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň okuwa girip, okuwyň gaýybana görnüşi boýunça okuwy tamamlap alnan Resminamalar, gaýybana okuwyny okamak üçin bildirilýän talaplar doly berjaý edilen bolsa ykrar edilýär.
2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli okuwyň gaýybana görnüşine daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerine girenler, okuwa girmezden öň başlangyç ýa-da orta hünär bilimi bolup, iki ýyldan az bolmadyk iş tejribesiniň binýadynda hünär bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwyň gaýybana görnüşine okuwa girenler, okuwy tamamlanyndan soňra iş berijisiniň towakganamasy esasynda diplomy ykrar emek meselesine serediljekdigini bellemek isleýärin.

düýn 17:41
5.6k+

Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar

  PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) okuw mekdebine girmek maksady bilen Block-I Education Sponsorship bilim maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi...

düýn 16:55
2.8k+

Okuwçy robototehnikaçylar Astanadaky ýaryşa ugradylar: maksat — ABŞ-daky dünýä finalyna çykmak

Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FIRST Tech Challenge (FTC) halkara çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar...

07.02.2026 13:51
9.2k+

Hindistanly mugallym zenan 1 millon dollar bilen sylaglanyldy

Hindistanly mugallym zenan Rubl Nagi 1 million dollar möçberindäki «Global Teacher Prize» halkara baýragynyň eýesi boldy. Ol şeýle sylaga ýüzlerçe okuw merkezini döredeni hem-de garyp mähellelerdäki jaýlaryň diwarlaryna bilim maksatly suratlary çekmek ugrunda alyp baran işleri üçin mynasyp görüldi diýip, ClickOrlando neşiri ýazýar...

06.02.2026 15:57
2.4k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Maksatnamanyň çäklerinde dört ders: matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler...