Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

  • şu gün 14:57
  • 2.7k+

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy.

​RFA-nyň (Russiýanyň Ylymlar akademiýasy) Birleşen geofiziki gullugynyň Federal ylmy merkeziniň Kamçatka şäherindäki şahasynyň berýän maglumatlaryna görä, diňe 19-njy iýunyň dowamynda 25 sany seýsmik hadysa boldy, olaryň 16-sy, bary-ýogy iki sagadyň içinde hasaba alyndy.

​Seýsmik işjeňlik anna güni UTC (Bütindünýä utgaşdyrylan wagty) boýunça sagat 6:51-de (Aşgabat wagty bilen 11:51-de) başlandy. Magnituda güýji 5,6-a deň bolan ilkinji ýer titremesi Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinden 167 km uzaklykda, 16 kilometr çuňlukda ýüze çykdy. Magnituda güýji 6,9-a ýeten iň güýçli sarsgyn bolsa bir minut soňra, şäherden 178 kilometr uzaklykda, 15 km çuňlukda hasaba alyndy.

​19-njy iýundaky iň soňky ýer titremesi Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinden 155 km uzaklykda bolup, onuň magnituda güýji 4,5-e deň boldy.

​Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, şäheriň içinde ýerasty sarsgynlar dört ball ýarym güýjünde duýlupdyr. Ilkinji habarlardan soň, halas edijiler kenarýaka sebitlere tolkunlaryň gelip urmak ähtimallygynyň bardygyny habar berdiler, ýöne az salymdan sunami howpy aradan aýryldy.

​20-nji iýunda Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynda magnituda güýji 4,0 bilen 5,7 aralygynda üýtgeýän ýene-de bäş sany ýer titremesi hasaba alyndy. Olaryň ojaklary Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinden günorta-gündogarda, takmynan geçen ýylyň 30-njy iýulynda bolup geçen ägirt uly ýer titremesiniň çäklerinde ýerleşdi.


düýn 10:08
3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......