Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar.
Kongo Demokratik Respublikasynda (KDR) wirusyň täze görnüşiniň tizlik bilen ýaýrap başlamagy bu waksinanyň gyssagly döredilmegine sebäp boldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, Kongoda şu ýagdaý zerarly 750-den gowrak şübheli ýagdaý hasaba alyndy we 170-den-de köp adam heläk boldy.
Täze derman oýlanyp tapylanda alymlar öňki COVID-19 pandemiýasy döwründe üstünlikli netije görkezen kämil tehnologik platformany ulanýarlar. Bu bolsa waksinany örän gysga wagtda has netijeli taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Alymlar häzirki wagtda wagtda dermanyň adamlaryň saglygy üçin doly howpsuzdygyny anyklamak maksady bilen, synagdan öňki iň soňky klinika barlaglaryny alyp barýarlar.