Hem bärde, hem başga ýerde: Fizikler bir zady birnäçe ýerde ýerleşdirmegi başardylar

  • şu gün 20:37
  • 953

Wena we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň fizikler topary metal bölejikleriniň ägirt uly toplumynyň tolkunlaýyn häsiýetini tejribe ýüzünde subut etdiler. Alymlar müňlerçe atomdan ybarat bolan bu desgalary kwant superpozisiýasy ýagdaýyna geçirmegi başardylar. Bu bolsa, şol bölejikleriň hakykatdan hem bir wagtda giňişligiň birnäçe nokadynda ýerleşip bilýändigini aňladýar.

Nature ylmy žurnalynda çap edilen gözlege görä, hünärmenler diametri takmynan 8 nanometr, agramy 170 000 atom birliginden geçýän natriý bölejikleri bilen işlediler. Bu görkeziji uly belok molekulalarynyň agramy bilen deň bolup, ozal şeýle kwant täsirleri barlanan desgalaryň ölçeginden has uludyr.

Mikrodünýäniň ölçeglerine görä ýeterlik derejede uly bolmagyna garamazdan, bu bölejikler korpuskulýar-tolkun dualizmini (ýagny birek-birege gapma-garşy bolan hem bölejik, hem tolkun häsiýetini) görkezdiler.

«Aslynda seredeniňde, şeýle uly metal bölejigi özüni adaty maddalarça alyp barmaly ýaly görünýär. Emma interferensiýa hadysasy kwant mehanikasynyň kanunlarynyň hatda şeýle uly ölçegde hem hökmürowanlyk edýändigini görkezýär» diýip, gözlegiň esasy awtory Sebastian Pedalino düşündirýär.

Fizikler bu kwant täsirini synlamak üçin optiki interferometriýa usulyny ulandylar. Natriý bölejikleri ilki bilen sowadyldy we wakuum gurluşynyň içine ugradyldy. Soňra olar ultramelewşe lazerleri arkaly döredilen üç sany difraksiýa gözeneginiň içinden geçdiler. Birinji lazer urgusy metal bölejigini superpozisiýa ýagdaýyna geçirdi, netijede onuň hereket ýoly «ikä bölündi». Ulgamdan geçenden soň, dürli hereket ýollary bir-biriniň üstüne düşüp, interferensiýa şekilini emele getirdi. Munuň özi diňe tolkunlara mahsus bolan iň ýokary we iň pes nokatlaryň yzygiderli gezekleşmesidir.

Alymlar bu tejribäni meşhur «Şrýodingeriň pişigi» paradoksyna meňzedýärler. Bu synagda metal nanobölejigi tä iň soňky ölçeg amala aşyrylýança, özüniň ýerleşýän ýeri boýunça bütinleý näbelli ýagdaýda galdy. Awtorlaryň bellemegine görä, bu synag kwant mehanikasynyň çäklerini barlaýan iň durnukli we iň berk barlaglaryň biridir. Nazaryýetiň barlanyş derejesi ozalky şuňa meňzeş tejribeleriň netijelerinden takmynan 10 esse ýokary boldy.

Düýpli ylmy netijelerden başga-da, bu işiň amaly durmuş üçin hem uly ähmiýeti bar. Döredilen täze interferometr 10−26 nýuton derejesindäki gaty ujyz (örän kiçi) güýçleri hem belläp bilýär. Bu usulyň takyklygy nanodeňeçerlikde grawitasiýa anomaliýalaryny we magnit meýdanlaryny ölçemäge mümkinçilik berýär. Ol bolsa, öz gezeginde, ýokary takyklykdaky täze nesil datçiklerini döretmäge ýol açýar.


şu gün 15:35
1.8k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

25.05.2026 20:57
3.8k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......

25.05.2026 16:09
1k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

24.05.2026 17:05
4.4k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....