Jeep “Wrangler-iň” ýörite nusgasyny Kapitan Amerika bagyşlady

  • 27.05.2026 21:26
  • 3.4k+

Jeep kompaniýasy "Ar alyjylar" (Мстители) kinofranşizasynyň meşhur gahrymany Kapitan Amerika bagyşlanan Wrangler wnedorožniginiň ýörite nusgasyny hödürledi. Täze önüm Marvel bilen hyzmatdaşlygyň çäginde döredilip, ol 2095 dollar bahasy bolan goşmaça bezeg toplumy görnüşinde elýeterli bolar.

Wersiýa America250 Edition diýlip atlandyryldy. Ol ABŞ-nyň Garaşsyzlyk jarnamasyna gol çekilmeginiň 4-nji iýulda belleniljek 250 ýyllygyna gabatlanyldy. Şeýle hem, Jeep brendiniň we Kapitan Amerika gahrymanynyň ikisiniň hem 1941-nji ýylda peýda bolandygy özboluşly simwoliki ähmiýete eýedir.

Ýörite nusganyň kuzowy ak reňkli bolup, gyzyl-gök reňkli grafikalar we ätiýaçlyk tekeriň gabyndaky supergahrymanyň galkanynyň şekili bar.

Oturgyçlardaky bezeg tikinleri, reňkli howpsuzlyk kemerleri we multimedia ulgamynyň ýörite başlangyç ekrany bilen üpjün edilen.

Deslapky maglumatlara görä, Jeep kompaniýasy dekabr aýynda ekranlara çykmagy meýilleşdirilýän "Ar alyjylar: Kyýamat güni" (Мстители: Судный день) filminiň mahabat işlerine hem gatnaşar. Brendiň bu taslamada nähili orun aljakdygy baradaky jikme-jiklikler häzirlikçe aýan edilmedi.


şu gün 10:28
618

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
5.7k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.2k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......