Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

  • 29.04.2026 11:53
  • 4.1k+

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar hatarynyň ösüşini nähili göz öňüne getirýändigini görkezýär.

Düşünjeleriň atlary planetalar bilen bagly. Geljekde kompaniýa bu atlandyryş ulgamyny elektrik ulaglary üçin ulanmagy meýilleşdirýär we Hytaý üçin aýratyn ulag hataryny döredýär.

Ioniq Venus sedan diýip tanyşdyrylsa-da, okgunly liftbek  görnüşinde döredilen. Onuň öň tarapy çürelip gidýär, inçe LED faralary, ýylmanak kuzowy, uly tigirleri we panoramaly üçegi bar. Modeliň daşky görnüşi ylmy fantastikalardaky konsept-karlary ýada salýar. 

Ioniq Earther, tersine, has amatly elektrik krossoweridir. Onuň burçlak dizaýny, kuzowynyň perimetri boýunça gorag elementleri we dik yzky çyralayr bar. Esasy aýratynlygy iki tarapa serpilip açylýan gapylarynyň bolmagy.

Salonynda bölek goýlan oturgyçlary we merkezi sütünsiz giňiş açyklygy bar. Şeýle hem, öňdäki sütünlerde, töweregi görüşi gowulandyrmak üçin, dury wstawkalar ulanylýar.
Bu düşünjeler Hyundai-yň bäsdeşligiň ýiti ýeri bolan Hytaýyň EV bazaryndaky ornuny berkitmek islegini görkezýär.


düýn 11:18
3.8k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......