Gaz köpürjikleri we çüýşe şekilli dil: Casio Coca-Cola-nyň 140 ýyllygyna bagyşlap sagat çykardy

  • 30.04.2026 22:24
  • 5.8k+

Casio brendi Coca-Cola kompaniýasynyň 140 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan G-Shock GA-2100CC-3AJR atly çäkli möçberdäki sagat modeliniň çykaryljakdygyny yglan etdi. Täze önümiň dizaýny meşhur içginiň hemmelere tanyş nusgawy çüýşe şekilinden ylham alnyp taýýarlanyldy.

Modeliň daşky görnüşinde mowzuga degişli köp sanly jikme-jiklikler bar: siferblat gazly suwuň reňkinde ýerine ýetirilip, kömürturşy gazynyň köpürjikleri şekillendirilýär. Hepde günleriniň görkezijisiniň roluny gyzyl çüýşe şekilindäki kiçijik dil ýerine ýetirýär, siferblatyň töweregi bolsa metal gapagy ýatladýan grawýura bilen bezelipdir.

Enjamyň tehniki häsiýetnamalary GA-2100 seriýasynyň standartlaryna gabat gelýär. Agramy 51 gram bolan sagadyň ölçegleri 48,5 × 45,4 × 11,8 mm deňdir.

Model 200 metr çuňluga çenli suwdan goraglylyga eýe bolup, –10 °C sowuklykda hem işjeňligini saklaýar.

Ýaponiýada satuwlar 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda başlar. Sagady Casio-nyň resmi saýtynda bije atmak ulgamy arkaly 27 500 ýena (takmynan $170) bahasyndan satyn alyp bolar.


düýn 11:08
852

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......