Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

  • şu gün 13:45
  • 3.4k+

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap häkimleriniň orunbasarlaryny wezipeden boşatmak we täze ýolbaşçylary bellemek bilen baglanyşyklydyr.

Ahal welaýaty

  • Emirhan Orazmämmedowiç Geldiýew Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine Ezizgeldi Meretgeldiýewiç Aşyrow bellenildi.
  • Serdar Kakamyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Mary welaýaty

  • Baýram Seýlapberdiýewiç Çungaýew Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesinde işleýärdi.
  • Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary Nurmyrat Şadurdyýewiç Muhommedowa şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek ygtyýarlygy berildi.

Lebap welaýaty

  • Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypow Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
  • Gurban Hemrakulowiç Kerimow Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Nurjan Sapardurdyýewiç Nurmedow Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Berdimyrat Babamuradowiç Öwezberdiýew Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
  • Zahid Ýusupowiç Hasanow Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

şu gün 16:03
108

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

şu gün 13:39
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

şu gün 12:10
621

Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlady

24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi....

şu gün 10:02
1.6k+

Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi....