Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

  • 06.05.2026 01:36
  • 4.1k+

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar.

Kompaniýa turbo hereketlendirijiler üçin SP4T klasly iki awtoulagy hödürledi. RP belgisi munuň hereketlendirijiniň önümçilikden öňki wersiýasydygyny görkezýär.

Öndüriji hereketlendirijiniň güýjüniň artandygyny, has çalt jogap berýändigini we ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän görnüşde sazlanandygyny tassyklaýar. Synaglaryň esasy maksady onuň uzak wagtlyk agrama çydamlylygyny barlamakdyr.

Hereketlendirijisiniň güýçlendirilen gurluşly we jogabyň gijikmegini  azaltmaga mümkinçilik berýän gowulandyrylan turbinaly bolmagyna garaşylýar.

Täze güýç gurluşynyň 2027-nji ýylyň ahyryna çenli çykarylmagy mümkin Elantra N-iň indiki neslinde peýda bolmagyna garaşylýar. Synag Hyundai-yň tehnologiýany awtoulag sportundan önümçilik modellerine geçirmäge çemeleşmesini görkezýär.


düýn 09:56
5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....