Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

  • 21.04.2026 11:09
  • 3.9k+

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre çenli artdyrylmagydyr.

Esasy tehniki üýtgeşme hökmünde 800 woltluk arhitektura geçilmegi we 350 kWt kuwwatyna çenli hemişelik tok bilen çalt zarýad beriş mümkinçiligi görkezilýär. Öndürijiniň bellemegine görä, amatly şertlerde bary-ýogy 10 minudyň içinde awtomobiliň ýöriş aralygyny 320 kilometre çenli dolduryp bolýar. Şeýle-de, akkumulýatoryň täze himiýasy we materiallary arkaly batareýanyň sygymy artdyryldy we energiýa netijeliligi gowulandyryldy.

Brendiň tapgyrlaýyn modelleriniň arasynda ilkinji gezek sim arkaly dolandyrylýan rul ulgamy (steer-by-wire) we internet arkaly täzelenmeleri goldaýan täze MB.OS operasion ulgamy ornaşdyryldy. MBUX multimediýa ulgamynyň interfeýsi has giňeldilen emeli aň mümkinçiliklerine we bulut hyzmatlary bilen integrasiýasyna eýe boldy.

Beýleki täzelenmeleriň hatarynda has güýçli rekuperasiýa ulgamy, öňdebaryjy mikroswetodiodly yşyklandyryş, öňünden çaklaýjy sazlamalary bolan kämilleşdirilen pnewmopodweska we ikitaraplaýyn zarýad beriş (V2G we V2H) funksiýasy bar. Şeýle-de, awtomobile HEPA-filtrasiýa we howpsuzlyk kemerleriniň ýyladylyşy ýaly täze komfort funksiýalary goşuldy.

Germaniýada täzelenen EQS eýýäm sargyt etmek üçin elýeterli bolup, onuň bahasy takmynan 94 müň ýewrodan başlanýar


şu gün 08:11
885

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.4k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......