Microsoft Surface planşetleriniň we noutbuklarynyň bahasyny ýokarlandyrdy: käbir modeller 500 dollar gymmatlady

  • 20.04.2026 15:49
  • 1.1k+

Microsoft kompaniýasy özüniň firma dükanlarynda Surface hataryna degişli ähli enjamlaryň bahasyny ýokarlandyrdy. Şeýle üýtgeşmeleriň tiz wagtdan beýleki bölek satuw torlaryna hem täsir etmegine garaşylýar.

Bu gezekki nyrh ýokarlanmasy diňe bir orta topardaky modellere däl, eýsem iň ýokary enjamlara hem degişli boldy. Mysal üçin, Surface Laptop 7 we Surface Pro 11 modelleriniň bahasy 2024-nji ýyldaky satuwa çykan wagtyndaky nyrhlary bilen deňeşdirilende 500 dollar ýokarlandy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, bahalaryň gymmatlamagy operatiw ýadyň (RAM) we beýleki komponentleriň bahasynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Indi 12 dýuýmlyk Surface Pro modeliniň başlangyç bahasy öňki 799 dollaryň ýerine 1049 dollardan başlanýar. Onuň 13 dýuýmlyk ekrana eýe bolan wersiýasynyň bahasy bolsa 999 dollardan 1499 dollara çenli ýokarlandy.

Şeýle nyrh artmasy noutbuklara hem degişli boldy: 13 dýuýmlyk Surface Laptop-yň başlangyç bahasy 899 dollardan 1149 dollara, 13,8 dýuýmlyk modeli 1499 dollara, 15 dýuýmlyk modeli bolsa 1599 dollara çenli gymmatlady. Iň ýokary tehniki häsiýetnamaly modeller hem ünsden düşmedi. Mysal üçin, Snapdragon X Elite prosessory, 64 GB operatiw ýady we 1 TB SSD ýady bolan 15 dýuýmlyk Surface Laptop-yň bahasy indi 3649 dollara deňdir.


21.05.2026 23:48
1k+

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

21.05.2026 13:59
2.6k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

11.05.2026 20:26
1k+

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....