Angliýanyň Premýer ligasynda iň ýokary aýlyk alýan futbolçylaryň we tälimçileriň reýtingi

  • 11.04.2026 11:08
  • 7.4k+

«Mançester Siti» toparynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbolçylarynyň arasynda iň ýokary zähmet hakyny alýar. Bu barada girdejileriň reýtingini çap eden «L’Équipe» neşiri habar berýär.

Oýunçylaryň her aýlyk zähmet haklarynyň sanawy şeýle:

  • Erling Holand («Mançester Siti») — 2 630 000 ýewro
  • Mohamed Salah («Liwerpul») — 2 000 000 ýewro
  • Kazemiro («Mançester Ýunaýted») we Wirdžil wan Deýk («Liwerpul») — 1 750 000 ýewro
  • Brunu Fernandeş («Mançester Ýunaýted») we Bukaýo Saka («Arsenal») — 1 500 000 ýewro

APL klublarynyň tälimçileriniň arasynda iň ýokary aýlyk alýanlar:

  • Pep Gwardiola («Mançester Siti») — 1 920 000 ýewro
  • Mikel Arteta («Arsenal») — 1 250 000 ýewro
  • Unai Emeri («Aston Willa») — 770 000 ýewro

Görkezilen ähli möçberler salgytlar aýrylmazdan ozalky girdejilerdir.


20.05.2026 15:38
4.6k+

«Liwerpul» 1989/90 çempionlyk möwsüminiň dizaýnynda täze eşigini görkezdi

«Liwerpul» futbol kluby Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026/27 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi....

17.05.2026 20:11
4.2k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....

13.05.2026 23:00
3.7k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

27.04.2026 16:45
7.7k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....