Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir diýip, The New York Times gazeti habar berýär.
Bu žurnalist Jon Kareýruwyň giň gerimli derňewinden soň gelen netijesidir. Derňewiň dowamynda ol Cypherpunks kriptografik jemgyýetindäki 130 müňden gowrak habary öwrenip, olary Nakamotanyň hat alyşmalary bilen deňeşdirdi.
Bu wersiýanyň peýdasyna getirilen esasy deliller dil meňzeşlikleri we tehniki yzygidelilik boldy.
1997-nji ýylda Bek bitkoin gazyp almagyň esasyny düzýän we Nakamotonyň “Ak kitabynda” agzalan Hashcash ulgamyny oýlap tapdy. Mundan başga-da, dil seljermesi Nakamoto bilen Bekiň dyngy belgileri goýşunda we dürs ýazuw kadalaryny berjaý edişinde özboluşly meňzeşlikleriň bardygyny ýüze çykardy: goşa probelleriň ulanylmagy, "it's" we "its" sözlerinde häsiýetli ýalňyşlyklar we sözlemleriň ahyrynda "also" sözüniň ýygy-ýygydan ulanylmagy. Mundan başga-da, bitkoin peýda bolmazdan öň, Bek merkezleşdirilmedik elektron pullaryň işleýiş ýörelgelerini biraz soňra durmuşa ornaşdyrylanlara meňzeş beýan edipdir.
Barlagçylar onuň işiniň hronologiýasyna hem üns berdiler: 2008-nji ýyla çenli Bek sanly walýuta baradaky pikir alyşmalara işjeň gatnaşypdyr, ýöne Satoşi Nakamotonyň bitkoin baradaky çykyşyndan soň, dessine köpçüligiň gözünden ýitip gitdi. Ol diňe 2011-nji ýylda, Nakamoto işini gutarnykly bes edeninden alty hepde soň, makalalary bilen ýene gaýdyp geldi.
2026-njy ýylyň ýanwarynda Bek Salwadorda geçirilen bitkoin konferensiýasyna gatnaşdy. Şol ýerde bir žurnalist onuň bilen duşuşdy we Satoşiniň meşhur jümlesini getirdi: "Men sözlere garanda, kody has gowy ýazýan".
Şondan soň Bek: "Men sözler bilen aram gowy diýemok, ýöne e-poçtalarda anyk köp ýaňrandygymy bilýärin" diýmek bilen, bu jümläniň özüniňkidigini gytaklaýyn tassyklaýan ýaly boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Adam Bek ilkinji kriptowalýutanyň döredilmegine dahyllydygyny resmi taýdan inkär etmegini dowam etdirýär.
Satoşiniň kimligi barada başga-da nazary çaklamalaryň öňem köp gezekler öňe sürlendigini bellemek gerek. Mysal üçin, 2024-nji ýylda HBO-nyň filminde kanadaly işläp düzüji Piter Toddyň ady bitkoiniň döredijisi hökmünde agzalypdy.
