World Athletics marafon boýunça aýratyn dünýä çempionatyny döreder

  • 09.04.2026 11:36
  • 1.1k+

Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) özüniň resmi saýtynda 2030-njy ýyldan başlap, marafon ylgawy boýunça aýratyn dünýä çempionatynyň dörediljekdigini yglan etdi.

Ilkinji ýaryşy Afina şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Gresiýanyň ýeňil atletika federasiýasy (SEGAS) bilen gepleşikler eýýäm başlandy. Marafon boýunça dünýä çempionaty her ýyl geçirilýän çäre bolar, şunda erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar gezekli-gezegine geçiriler. Bu bolsa häzirki wagtda iki ýyldan bir gezek geçirilýän dünýä çempionatlaryndaky ýaly yzygiderliligi saklamaga mümkinçilik berer.

«Biz marafon ylgawynyň dörän ýeri bolan Afina bilen bu ugur boýunça aýratyn dünýä çempionatyny geçirmek mümkinçiligini öwrenýäris. Sportda ähmiýeti we täsiri boýunça marafon bilen bäsleşip biljek çäreler örän azdyr, ol bir wagtyň özünde hem iň ýokary derejeli synag, hem-de köpçülikleýin gatnaşygyň baýramçylygydyr. Bu marafon ylgawyna bagyşlanan ählumumy baýramçylygy onuň mirasyna hormat goýulýan ýerde döretmek, şol bir wagtda global ylgaw jemgyýetçiliginiň gerimini we ruhuny görkezýän döwrebap çempionaty kemala getirmek üçin mümkinçilikdir» – diýip, World Athletics guramasynyň ýolbaşçysy Sebastýan Kou belledi.

Marafon ýaryşlary 2027-nji we 2029-njy ýyllarda geçiriljek adaty ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatlarynyň çäklerinde saklanar, ýöne şondan soň olar esasy programmadan aýrylar. Şosse ylgawy boýunça dünýä çempionaty ozalkysy ýaly aýratyn we ýyllyk çäre hökmünde geçiriler.


şu gün 14:40
403

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.6k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......