Aaron Remzi sport karýerasyny tamamlaýar

  • 07.04.2026 20:58
  • 6.1k+

«Arsenalyň» we Welsiň milli ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy Aaron Remzi futbol karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

«Bu çözgüde gelmek maňa aňsat düşmedi. Uzak wagtlap oýlanmadan soň, futboldan gitmeli diýen netijä geldim. Ilki bilen, Welsden başlamak isleýärin. Welsiň milli ýygyndysynyň futbolkasyny geýmek we onuň bilen köp sanly ajaýyp pursatlary başdan geçirmek meniň üçin uly mertebe boldy. Bile işleşen ähli tälimçilerimiň we maňa köp babatda ýardam beren işgärleriň uly goşandy bolmazdan, bular mümkin bolmazdy.

Ikinjiden, oýnamak miýesser eden ähli klublaryma minnetdarlyk bildirýärin. Arzuwymy amala aşyrmaga we iň ýokary derejede oýnamaga kömek eden ähli tälimçilere we işgärlere sagbolsun aýdýaryn.

Şeýle hem aýalyma, çagalaryma we tutuş maşgalama uly sagbolsun aýdýaryn. Eger siz meniň ýanymda bolmadyk bolsaňyz, bularyň hiç biri mümkin bolmazdy» – diýip, Remzi sosial torlarda ýazdy.

35 ýaşly futbolçynyň soňky kluby Meksikanyň «Pumas» topary boldy, ol bu klubdan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda gaýdypdy. Şeýle hem Remzi «Kardiff», «Nissa», «Reýnjers», «Ýuwentus», «Arsenal» we «Nottingem Forest» ýaly klublarda çykyş etdi.

Ýarymgoragçy üç gezek Angliýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, bir gezek Italiýanyň çempiony, Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi boldy, şeýle hem bir gezek Şotlandiýanyň Kubogyny eýeledi.

Remzi Welsiň milli ýygyndysynda 86 oýna gatnaşyp, 21 gol geçirdi. Ol milli ýygyndynyň taryhynda iň köp oýun geçiren futbolçylaryň arasynda altynjy orny paýlaşýar we iň gowy bombardirleriň sanawynda altynjy orunda durýar.


06.06.2026 10:24
6.1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

05.06.2026 15:52
10k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

31.05.2026 03:30
9.4k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

30.05.2026 18:13
4.8k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....