Strategik çeşme: topragy seýrek metal gorly ýurtlaryň reýtingi

  • 07.04.2026 16:17
  • 3k+

Hytaý örän möhüm minerallaryň gazylynyp alnyşy çäginde dünýäniň öňdebaryjy ýurdy derejesini saklap gelýär. Bu ýurduň 44 million tonna möçberinde gory bar diýip, USGS Mineral Commodity Summaries 2025 hasabatynda aýdylýar.

Ýurduň agalygy çig mal bazasyndan daşgary, seýrek ýer elementlerini (SEE) gaýtadan işlemegiň gözegçiligini hem öz içine alýar, bu bolsa Pekine global tehnologiýa zynjyrlaryna uly täsir etmäge mümkinçilik berýär.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, Hytaýdan soň 21 million tonna gory bilen Braziliýa gelýär. Şeýle hem, möhüm oýunçylaryň arasynda Hindistan (6,9 million tonna), Awstraliýa (5,7 million tonna), Russiýa we Wýetnam (her biri 3-4 million tonna) bar.

1,9 million tonnalyk gory bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary importa garaşlylygyny azaltmak üçin öz önümçiligini ösdürmäge çalyşýar.

Neodim we terbiý ýaly 17 sany seýrek ýer elementlerinden ybarat topar elektrik awtoulaglarynyň, ýel turbinalarynyň we goranyş tehnologiýalarynyň önümçiligi üçin örän möhümdir. Bilermenler bir ýurtda önümçilik kuwwatynyň ýokary derejede jemlenmeginiň, geosyýasy bökdençlikler ýa-da eksport çäklendirmeleriniň girizilmegi ýagdaýynda, dünýä senagaty üçin howp döredýändigini duýdurýarlar.


düýn 18:11
3.9k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......