Bernardu Silwa möwsüm tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk eder

  • 06.04.2026 23:39
  • 4.9k+

«Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Bernardu Silwa möwsüm tamamlanandan soň klubdan gider. Bu maglumaty toparyň baş tälimçisiniň kömekçisi Hosep Linders «Sky Sports» neşirine beren interwýusynda tassyklady.

«Kapitan üýtgeşik we ony başga bir oýunçy bilen çalşyryp bolmaz, sebäbi beýle oýunçylar ýokdur. Ol soňky aýlary, ýagny bary-ýogy alty hepdeni gowy geçirip, mynasyp hoşlaşar diýip umyt edýärin. Ol bu ünsüň ählisine mynasypdyr» – diýip, Linders aýtdy.

Žurnalist Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, futbolçynyň özi heniz täze kluby barada gutarnykly netijä gelmedi, ýöne 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty başlamazyndan ozal belli bir çözgüde gelmegi meýilleşdirýär.

Oýunça «Ýuwentus», «Barselona», şeýle hem MLS-iň we Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanma bildirýär.

Silwa «Mançester Sitiniň» düzüminde alty gezek Angliýanyň çempiony boldy. Şu möwsümde ol 43 oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi we bäş assist etdi.


09.06.2026 22:01
6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

06.06.2026 10:24
6.3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

05.06.2026 15:52
10k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

30.05.2026 18:13
4.9k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....