Huawei kompaniýasynyň Pura X2 täze eplenýän smartfony eýýäm şu aýda satuwa çykarylyp bilner. Bu barada «Digital Chat Station» lakamly belli insaýder habar berdi.
Mundan ozal enjamyň çykarylmaly wagtynyň gijikdiriljekdigi, ýagny geçen ýylyň mart aýynda tanyşdyrylan «Pura X» modelinden tapawutlylykda, täze nesliň diňe 2026-njy ýylyň iýunyna çenli taýýar boljakdygy aýdylypdy. Emma iň täze habarlar tanyşdyrylyşyň öňe görä tizleşdiriljekdigini görkezýär.
Çeşmeleriň berýän maglumatyndan çen tutsaň-a, onda kompaniýa eýýäm «Hope» diýen kod at bilen täze enjamy tanyşdyrmaga taýýarlyk hem görüp başlady. Şeýle-de bolsa smartfonyň takyk häsiýetnamalaryny resmi aýan etmekden saklanylýar.
«Digital Chat Station» 2026-njy ýylda şeýle formatdaky ykjam eplenýän smartfony hödürleýän ýeke-täk iri hytaý brendiniň Huawei bolup galmagynyň mümkindigini belleýär. Şol sebäpden, «Pura X2» modeliniň bazarda seýrek duş gelýän enjamlaryň birine öwrüläýmegi-de ähtimal.
Smartfonyň tehniki aýratynlyklary barada birnäçe çaklamalar bar. Şolara görä, onuň akkumulýatory öňki modeldäki 4610 mAs-yň ýerine has kuwwatly–takmynan 6000 mAs göwrümli batareýa çalşylar, içki çeýe ekranyň ölçegleri 7,5 dýuýma çenli ulalar, şeýle hem enjama 12-den 20 GB-a çenli operatiw ýat we 1 TB-a çenli içerki ýat goýulmagy juda mümkin.