ABŞ Aýdaky bazasynyň ilkinji böleklerini eýýäm 2027-nji ýylda maliýeleşdirer

  • 05.04.2026 22:27
  • 2.9k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýda guruljak geljekki bazanyň ilkinji elementlerini eýýäm 2027-nji maliýe ýylynda maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär. Degişli serişdeler býujet taslamasynda göz öňünde tutulyp, olar Ýeriň hemrasynda, ilkinji nobatda bolsa, onuň günorta polýusynda hemişelik ornaşmagyň şertlerini döretmäge gönükdirilendir.

Awtomatiki missiýalar üçin 175 million dollar sarp etmek teklip edilýär — olar geljekki uçuşlar üçin zerur bolan infrastrukturany taýýarlamaly. Mundan başga-da, 2028-nji ýylyň ahyryna çenli kosmonawtlary Aýa düşürmegi we kem-kemden bazany giňeltmegi maksat edinýän «Artemis» maksatnamasy üçin 8,5 milliard dollar bellenildi.

2-nji aprelde «Artemis II» missiýasy badalga aldy: «Space Launch System» raketasy we «Orion» gämisi Kanaweral burnundan uçuryldy. Ekipaž Aýyň daşyndan takmynan 8000 km aralykda aýlanyp geçer we 10 günden soň Ýere dolanar. Bu uçuş «Apollo 17» döwründen bäri adamyň iň uzak kosmos syýahaty bolar.

Uçuş wagtynda meselesiz bolmady: gäminiň içi tüsseledi, wagtlaýyn aragatnaşyk ýitdi. Kosmonawtika taryhçysy Aleksandr Železnýakow bu ýagdaýyň ekipaž üçin hiç hili howp döretmeýändigini we uzak möhletleýin täsiriniň bolmajakdygyny mälim etdi. Şeýle hem, uçuşyň birinji gününde wentilýasiýa ulgamynyň näsazlygy sebäpli kosmos hajathanasy hatardan çykdy. Şuna garamazdan, gämi raketadan üstünlikli aýryldy we gün panellerini kadaly ýagdaýda açdy.


düýn 10:55
1.3k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

düýn 08:39
890

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.7k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....