Türkmenistanda täze Crops Energy dökünleri peýda boldy

  • 27.03.2026 17:38
  • 9k+

Türkmenistanyň agrar bazarynda täze önüm — ösümlikleriň ähli ösüş tapgyrlary üçin niýetlenen uniwersal Crops Energy dökünleri peýda boldy. Tohumuň gögermeginden başlap, miwe berýän döwrüne çenli bu dökün ekinleriň tutuş wegetasiýa döwrüniň dowamynda hemra bolup, olaryň ösüşini we durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Crops Energy-niň düzümine makro we mikroelementler, aminokislotalar, fermentler hem-de beloklar girýär. Aýratyn hem onuň düzümindäki witaminler toplumy ünsüňi çekýär:

  • Witamin E,
  • Witamin C,
  • Tiamin (B1),
  • Riboflawin (B2),
  • Niasin (B3),
  • Pantoten kislotasy (B5),
  • Witamin B6,
  • Foliý kislotasy (B9),
  • Witamin B12.

Düzüminiň şeýle witaminlere baý bolmagy ösümliklerde madda çalşygyny güýçlendirýär we olara gurakçylykdan, temperatura üýtgemelerine çenli islendik stresi ýeňil geçirmäge kömek edýär.

Bu serişde biokatalizator hökmünde täsir edýär: ol ösümligiň içki proseslerini tizleşdirýär, tebigy ösüş mehanizmlerini işjeňleşdirýär, üstesine onuň düzüminde sintetiki gormonlar saklanylmaýar. Bu bolsa ekinleriň kadaly ösmegini we hasylyň birsydyrgyn kemala gelmegini üpjün edýär.

Bugdaýyň gür gögermegi we doly dänelemegi

Bugdaýyň we arpanyň ekiş döwründe ýa-da gögermäniň başynda ulanylýan fosforly dökünler tohumyň güýçli gögermegine, kök ulgamynyň çuňlaşmagyna we berkemegine ýardam edýär. Sümmülleme we däne dolýan döwründe berilýän azotly dökünler dänäniň göwrümini, agramyny we hasylyň umumy hilini artdyrýar.

Gowaça: köp goza — ýokary hasyl

Pagta ösdürilip ýetişdirilende dökünler gapdal şahalaryň köpelmegini üpjün edýär, gozalaryň emele gelmegine ýardam berýär we olaryň dökülmeginiň öňüni alýar. Bu bolsa gönüden-göni hasyllylyga täsir edýär.

Gök we bakja ekinleri: ösüş, gülleýiş we miwäniň hili

Gök we bakja ekinlerinde bu serişdeler ösümligiň has köp we sagdyn gül açmagyna kömek edýär, gülleriň miwä öwrülme derejesini ýokarlandyrýar, Ösümlik iýmit ýetmezçiligi ýa-da stres sebäpli emele gelen düwünçekleri döküp bilýär. Şonuň ýaly ýagdaý ýüze çykmaz ýaly dökünler ösümligi berkidip, şol hasylyň saklanyp galmagyna ýardam berýär. Netijede miweler has uly we tagamly bolýar. Şeýle hasyl bazarda has gowy bahalanýar we uzak wagtlap saklanyp bilýär.

Crops Energy dökünleri bugdaý, arpa, pagta, pomidor, hyýar, sogan, ýeralma, kelem, käşir, üzüm, ýorunja, gazon otlary, miweli agaçlar, ýyladyşhana pomidory, hyýary we ýertudanasy, bag nahallary, mekgejöwen, garpyz, gawun, arça (iňňe pürlüler), nahar şugundyry, gant şugundyry we kädi ýaly ekinler üçin niýetlenendir.

Crops Energy dökünlerini dürli usullar bilen ulanmak mümkin: tohumy işlemek, ýapraklary iýmitlendirmek ýa-da suwaryş ulgamy arkaly berip bolýar. Bu bolsa anyk hojalyk şertlerinde tehnologiýany dürli görnüşde gurnamaga mümkinçilik döredýär.

Crops Energy dökünleri Türkmenistanda amatly bahalardan hödürlenýär.

Habarlaşmak üçin: +993 62 90-21-70


18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......