The Beatles-iň agzasy Pol Makkartni täze albom çykarýar

  • 27.03.2026 10:54
  • 1.5k+

Belli iňlis aýdymçysy Pol Makkartni «The Boys of Dungeon Lane» atly täze solo albomynyň taýýardygyny buşlady. Albomyň çykmaly senesi 29-njy maýa meýilleşdirilýär. Täze ýazgy ähli striming platformalar bilen birlikde disklerde hem satuwa çykarylar. «Toýdan topukça» diýen ýaly, albomyň ilkinji singli «Days We Left Behind» diňleýjilere eýýäm elýeter edildi.

Metbugat beýanatynda täze albomyň aýdymçynyň uruşdan soňky Liwerpuldaky durmuş bilen bagly çagalyk ýatlamalaryna, öz maşgalasyna hem-de «The Beatles» dünýä meşhur bolmazyndan öňki döwürlerdäki Jon Lennon we Jorj Harrison bilen bolan dostlugyna bagyşlanýandygy bellenilýär. Albomyň ady hem, Makkartniniň maşgalasynyň ýanaşyk ýaşan ýeri bolan – şäheriň işçiler etrabyndaky Dandjen-leýn köçesi bilen baglydyr.

Alboma 14 sany aýdym girdi:

1) «As You Lie There»;

2) «Lost Horizon»;

3) «Days We Left Behind»;

4) «Ripples in a Pond»;

5) «Mountain Top»;

6) «Down South»;

7) «We Two»;

8) «Come Inside»;

9) «Never Know»;

10) «Home to Us»;

11) «Life Can Be Hard»;

12) «First Star of the Night»;

13) «Salesman Saint»;

14) «Momma Gets By».

Makkartni «Days We Left Behind» aýdymy barada şeýle gürrüň berýär:

«Bu aýdym, meniň üçin köp babatda ýatlama diýsek, dogry bolar. Albomyň ady hem şu aýdymyň bir setirinden alyndy. Men köplenç geçip giden günler barada oýlanýan, öz-özümden: «Men diňe geçmiş barada ýazýan ýalymy?» diýip soraýan. Soňundanam: «Eýsem, dagy näme hakda ýazyp bolar?» diýip, jogap berýän. Çünki mende Liwerpul barada ýatlamalar gaty kän».

Makkartniniň mundan öňki «McCartney III» atly solo albomy 2020-nji ýylyň dekabrynda çykypdy. 2021-nji ýylyň aprelinde bolsa ol albom Bek, Ed O’Braýen (Radiohead), Deýmon Albarn (Blur, Gorillaz) ýaly meşhur artistler bilen bilelikde remiks görnüşinde gaýtadan işlenip çykarylypdy.


28.05.2026 18:03
6.5k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

28.05.2026 12:25
1.7k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

28.05.2026 10:55
664

Spotify-da indi ony ulanan tutuş döwrüň diňleme statistikasyny görüp bolýar

Spotify striming hyzmaty platformanyň 20 ýyllygy mynasybetli «Your Party of the Year(s)» atly täze funksiýasyny hödürledi. Ol ulanyjylara öz akkauntlaryny açyp, ulanan tutuş döwri üçin şahsy statistikalary......

27.05.2026 21:24
7.5k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......