Dockcase kompaniýasy iPhone telefonlary üçin niýetlenen, özüne berkidilen ekranly we 2 TB çenli ýat karty bilen üpjün edilen Selfix daşlygyny (çeholy) tanyşdyrdy. Bu enjam iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine doly gabat gelýär.
Gap 1,6 dýuým ölçegli, 480×480 pikselli sensorly AMOLED-ekran bilen üpjün edilen. Ony görüş penjire hökmünde telefonyň esasy kamerasyna selfi düşen wagtyň hem ulanyp bolýar. Kompaniýanyň habar bermegine görä, şekiliň ekrana gelmeginde hiç hili bökdençlik ýok we munuň üçin aýratyn programma hem gerek däl. Ekrany açyp-ýapmak üçin gabyň gapdalynda ýörite düwme ýerleşdirilen.
Korpusda saklanan foto we wideolary göni telefonyň galereýasyna geçirip bolýan microSD slotyň ýat kartasy üçin ýer bar. Çehol 100 Wt kuwwatlylykda çalt zarýad bermegi (PD 3.0) üpjün edýän USB-C porty bilen enjamlaşdyrylan.
Baha telefonyň modeline görä üýtgeýär:
- iPhone 17 Pro üçin: 80 dollar;
- iPhone 17 Pro Max üçin: 89 dollar.
