Kompaniýalar emeli aň modellerine duýgy bermek üçin aktýorlary işe alýarlar

  • 24.03.2026 16:57
  • 2.6k+

Emeli aň ulgamynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalar okuw maglumatlaryny döretmek üçin teatr we improwizasiýa aktýorlaryny işe çekip başladylar. Bu materiallar adamyň duýgularyny tanap bilýän we olary ýerine ýetirip bilýän modelleri kämilleşdirmek üçin ulanylýar.

Bu ugurda esasy potratçylaryň biri Handshake AI kompaniýasydyr, ol esasanam OpenAI-ni maglumat bilen üpjün edýär.

Bildirişlerde aktýorlara tölegli onlaýn seanslaryň hödürlenýändigi aýdylýar. Onda gatnaşyjylar öňünden berlen sahnalary we emosional ýagdaýlary janlandyrýarlar. Bu usul duýgularyň döreýşi, üýtgeýşi hakda nusga edinmek, şeýle-de dürli äheňleri ýygnamak üçin zerurdyr. Mundan ozal ulanylan adaty tekst maglumatlary arkaly şeýle inçe aýratynlyklary almak örän kyn bolupdy.

Kompaniýalar häzirki zaman dil modelleriniň çylşyrymly tehnik meseleleri çözüp bilseler-de, adaty durmuş ýagdaýlarynda ýa-da duýgy bilen bagly meselelerde ýalňyşlyk goýberýändiklerini belleýärler. Bu kemçilikleri aradan aýyrmak üçin bolsa maglumatlaryň täze görnüşleri we ýörite bellikler gerek. 

Handshake AI, Mercor we Scale AI ýaly kompaniýalar öz hyzmatdaşlar toruny giňeldýärler. Işe diňe bir aktýorlar däl, eýsem dürli ugruň hünärmenleri – hukukçylar, lukmanlar we ssenariýaçylar hem çekilýär. The Verge neşiriniň maglumatyna görä, soňky bir ýylda şeýle hyzmatlara bolan isleg birnäçe esse artdy. Şunlukda Handshake AI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň noýabryndaky dolanyşygy 150 million dollara ýetdi.

Dogrusy, aktýorlaryň şeýle taslamalara gatnaşmagyň awtomatlaşdyrmak ulgamyny çaltlaşdyryp, döredijilik we aň zähmetine degişli kärlerde iş orunlarynyň azalmagyna getirip biljeginden gorkýanlary-da az däl.

Ýöne muňa garamazdan, kompaniýalar modellerini kämilleşdirmek üçin maglumatlaryň möçberini artdyrmagyny dowam etdirýärler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......