Şri-Lankada ýangyç ulag belgisiniň tertip sanyna görä guýulýar

  • 23.03.2026 07:13
  • 5.3k+

Mash Telegram-kanaly Şri-Lankada ýangyjy awtoulagyň döwlet belgisiniň tertip sany boýunça satyp başlandyklaryny habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu düzgün beketlerdäki nobaty azaltmak maksady bilen girizildi.

Seýlon nebit korporasiýasynyň maglumatlarynda ýangyjyň belginiň iň soňky sanyna görä berilýändigi aýdylýar. Eger ulag belgisiniň soňky sany jübüt bolsa (2, 4, 6...) oňa hepdäniň jübüt günlerinde, täk bolsa (1, 3, 5...) täk günlerinde ýangyç guýulýar.

Syýahatçylaryň aýtmagyna görä, ýurtdaky ýangyç guýujy beketleriň agramly bölegi ýapyk, has anygy, ortaça her üç beketden biri işleýär. Benziniň bardygy hakda adamlara SMS arkaly habar edilýär, kärendesine ulag alanlara bolsa ýörite QR-kodlar ugradylýar. Tertip-düzgüne gözegçilik üçin beketlerde käte polisiýa işgäri hem durýar.

Jemgyýetçilik ulaglarynyň sürüjilerine hepdede 200 litre çenli, şahsy ulag eýelerine bolsa hepdede 15 litre çenli ýangyç satyn almaga rugsat berilýär.


04.02.2026 09:46
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň döwlet Baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. TDH-nyň habar...

düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......