WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

  • 22.03.2026 23:11
  • 2.5k+

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär.

Täze funksiýa çakylyk salgysy arkaly işleýär. Ulanyjy bu salgyny SMS ýa-da başga programmalar arkaly iberip bilýär, şondan soň kabul ediji hasap açmazdan WhatsApp-yň web wersiýasyna geçýär.

Aragatnaşyga başlamak üçin salgyny açmak, hyzmatyň şertlerini kabul etmek we adyňy görkezmek ýeterlik. Şol bir wagtda, salgysy bolan islendik adam söhbetdeşlige goşulyşyp bilýär. Hasaby bolmadyk ulanyjylar "Myhman" hökmünde görkezilýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, çatlar başdan-aýak şifrleme bilen goralýandyr, şonuň üçin hatlaryň mazmuny platforma we üçünji taraplara elýeterli däldir.

Häzirki tapgyrda bu mümkinçilige çäk girizilen: diňe tekst hatlaryny ugradyp bolýar. Toparlaýyn çatlar, sesli hatlar, faýl birikdirme, stikerler, GIF-ler, şeýle hem audio we wideo jaňlar hasapsyz giren ulanyjy üçin elýeter däl. Eger 10 günüň dowamynda hiç hili işjeňlik bolmasa, sessiýalar awtomatik usulda ýapylýar.


09.05.2026 07:08
857

Meta robotlar üçin EA-ny işläp düzmegi çaltlandyrmak maksady bilen ARI startapyny satyn alýar

Meta kompaniýasy gumanoid robotlar üçin emeli aňy işläp düzmäge ýöriteleşen Assured Robot Intelligence (ARI) startapyny satyn alýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň çäklerinde (bahasy aýan edilmeýär)......

07.05.2026 08:23
1k+

Barlag: Claude-niň ulanyjylary emeli aň dünýäsinde iň gurply kişiler bolup çykdy

Claude çat-botunyň ulanyjylary beýleki emeli aň ulgamlarynyňkylar bilen deňeşdirilende has ýokary girdejilidikleri bilen tapawutlanýar. Bu barada The Decoder neşiri ABŞ-nda geçirilen «Epoch AI» barlagyna......

25.04.2026 19:07
1.9k+

Meta we Microsoft emeli aňyň bähbidine müňlerçe işgäri işden çykarar

Instagram, Facebook we WhatsApp sosial ulgamlarynyň eýesi bolan Meta kompaniýasy sekiz müňe golaý işgärini (takmynan, 10%) işden çykarmak meýilnamasyny mälim etdi. «BBC News» neşiriniň belleýşi ýaly, bu çözgüt......

18.04.2026 13:05
2.9k+

WhatsApp-dyr Telegram-a täze bäsdeş: Mask mahabatsyz we telefon belgisiz messenjer çykarýar

Ilon Maskyň X kompaniýasy 17-nji aprelde hat alyşmak üçin niýetlenen aýratyn XChat goşundysyny çykarmaga taýýarlanýar. Täze messenjer ilki bilen iOS (iPhone) ulgamynda işläp başlar....