ABŞ-da Trampyň şekili bilen tylla teňňe çykarylar

  • 20.03.2026 18:53
  • 8.8k+

ABŞ-da häzirki prezident Donald Trampyň şekili ýerleşdirilen ýadygärlik tylla teňňesini çykarmak baradaky karar tassyklanyldy. Bu barada ABŞ-nyň Inçe sungatlar komissiýasyna salgylanýan RIA Nowosti habar berýär.

Edaranyň wekiliniň maglumatyna görä, agzalary öň Ak tamyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan federal komissiýa paneli 24 karatlyk altyn teňňäniň dizaýnyny biragyzdan goldady we penşenbe güni degişli karar kabul edildi.

Kabul edilen taslamada görkezilişi ýaly, tylla teňňäniň öň tarapynda Trampyň Ak tamdaky Owal kabinetinde ýumrugy düwülgi, stola söýenip duran görnüşi şekillendiriler. Şeýle-de teňňäniň ýüzüne «Azatlyk» («Liberty») sözi we ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyny aňladýan 1776–2026 ýyl seneleri, aşaky böleginde bolsa ABŞ-nyň milli şygary bolan «Biz Hudaýa ynanýarys» («In God We Trust») diýen ýazgy ýazylar.

Altyn şaýlygyň arka tarapynda ýurduň esasy nyşanlarynyň biri bolan ak kelleli bürgüdiň şekili ýerleşdiriler.


düýn 17:29
7.7k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......