Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar

  • 13.03.2026 11:13
  • 1.1k+

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamy gurnalan ähli enjamlara doly ekranly «Xbox tertibini» goşmagy meýilleşdirýär. Bu täze aýratynlyk 2026-njy ýylyň aprelinden başlap şahsy kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde elýeterli bolar.

Kompaniýa Xbox we Windows platformalaryny birleşdirmäge çalyşýar. Microsoft-yň «Project Helix» kod ady bilen işlenip düzülýän täze oýun konsoly PK (şahsy kompýuter) üçin niýetlenen oýunlary hem işledip biler. Bu enjamyň 2027-nji ýylda alfa-wersiýa tapgyryna geçmegine garaşylýar.

Doly ekranly «Xbox Full Screen Experience» tertibi ilkinji gezek 2025-nji ýylyň noýabrynda Windows 11-iň synag wersiýalarynda peýda bolupdy. Şol wagt ondan diňe «Windows Insider» we «Xbox Insider» programmalarynyň gatnaşyjylary peýdalanyp bilýärdiler.

Soňrak Microsoft bu tertibi Asus kompaniýasy bilen bilelikde döredilen Xbox Ally we Xbox Ally X portatiw konsollarynda işe girizdi. Ulanyjylaryň pikirlerine görä, başlangyç wersiýa käbir kämilleşdiriş işlerine mätäç.

Kompaniýa programma üpjünçiligini kämilleşdirmegi dowam etdirýär. GDC 2026 maslahatynda Microsoft «Advanced Shared Delivery» ulgamyny Xbox dükanyndaky ähli işläp düzüjiler üçin açandygyny yglan etdi. Bu ulgam öňünden jemlenen şeýderleri ulanyjylaryň enjamlaryna ibermek arkaly oýunlaryň ýüklenişini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Microsoft Xbox-yň klassiki oýunlarynyň PK-da peýda bolup biljekdigine yşarat etdi. Kompaniýa: «Şu ýylyň ahyrynda biziň 25 ýyllygymyzyň bellenilmeginiň çäginde, geçmişimiziň iň meşhur oýunlaryny oýnamagyň täze usullaryny hödürläris» diýip mälim etdi.


21.05.2026 23:48
1k+

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

21.05.2026 13:59
2.6k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

11.05.2026 20:26
1k+

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....