Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar

  • 12.03.2026 15:40
  • 1.5k+

«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär.

Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär. 2026-njy ýylyň başyndan bäri DRAM modullarynyň we NAND Flash ýat enjamlarynyň üpjünçiligi azaldy, bu bolsa käbir şaýlaryň gytçylygyna we bahalaryň galmagyna sebäp boldy. Öndürijiler üçin şaýlary satyn almak meýilleşdirmelerini amala aşyrmak barha kynlaşýar.

Adatça, operatiw ýat we SSD ýaly ýat saklaýjy enjamlar noutbugyň doly bahasynyň takmynan 15 göterimini tutýar. Emma seljerijileriň çaklamasyna görä, eýýäm 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 30 göterimden geçip biler.

Eger prosessorlaryň hem bahasy ýokarlansa, onda olaryň umumy bahadaky paýy 45 göterimden takmynan 58 göterime çenli artar. Şeýle ýagdaýda öndürijiler we dilerler öz girdejilerini saklap galmak üçin, noutbuklaryň bölek satuw nyrhyny bialaç 40 göterime çenli galdyrmaly bolarlar.


10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......