Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi

  • 11.03.2026 15:08
  • 3.5k+

Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady.

Samsung-yň öňe sürmegine görä, TCL-iň birnäçe modelleri telewizoryň «QLED» hil derejesine goşulmagy üçin zerur bolan tehnologiýalara eýe däl.

Netijede kazyýet TCL kompaniýasynyň ýalňyşdyryjy mahabat ulanandygy barada karar çykardy we bu kompaniýa «QLED870», «CM8B», «C805», «C655» we «C69B» modelleriniň adynda «QLED» belgisini ulanmak gadagan edildi. Şeýle hem TCL mahabat mazmunlaryny düzetmäge-de borçlandyryldy.

«QLED» belgisiniň ulanylmagy bilen bagly meňzeş kazyýet işlerine häzirki wagtda Günorta Koreýada we ABŞ-da hem seredilýär. Samsung-yň bähbitlerini goraýan Pinsent Masons halkara ýuridik firmasynyň maglumatyna görä, Mýunhen kazyýetiniň karary kompaniýanyň bu mesele boýunça halkara derejesindäki ilkinji ýeňşi boldy.

Bu kazyýet işiniň täsirinde Samsung-yň geçen ýylky «Bu galp. Asyl nusgany saýlaň!» diýen şygar astyndaky mahabat kampaniýasy ýene-de ünsi özüne çekdi. Şol mahabatda kompaniýa garşydaş bäsdeşlerini öz tehnologiýalaryny göçürýändikleri üçin ýaňsylapdy. 


17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......