Hyundai awtoulaglaryndaky nawigasiýa kartalarynyň täzelenmesini çaltlaşdyrar

  • 06.03.2026 11:57
  • 1.3k+

Hyundai kompaniýasy awtoulaglardaky nawigasiýa kartalaryny ýüklemek ulgamyny döwrebaplaşdyrýar. Indi "Connected Car Navigation Cockpit" (ccNC) multimedia platformasy bolan awtoulaglar täzelenmeleri has çalt we awtomatiki usulda, sürüjiniň hiç hili gatnaşmagy gerekmezden alyp bilerler.

Mundan ozal sürüjiler täze kartalary diler merkezine barmazdan, özbaşdak gurnap bilýärdiler. Munuň üçin faýllar Hyundai-nyň resmi saýtyndan göçürilip, USB-göterijiler ýa-da SD-kartalar arkaly awtoulaga geçirilýärdi. 2022-nji ýyldan başlap bolsa kompaniýa täzelenmeleri "howa arkaly" (OTA) ornaşdyryp başlady. Bu funksiýany ilkinji bolup Hyundai Ioniq 5 modeli aldy, soňra bolsa ol beýleki awtoulaglara hem ýaýradyldy.

Ýakyn wagta çenli täzelenmeler seýrek çykýardy we diňe uly göwrümli programma üpjünçilik paketleri bilen bilelikde ýaýradylýardy.

Täze girizilýän ulgam bolsa has ykjam maglumat bukjalaryny ulanar. Bu bolsa ýüklemek üçin sarp edilýän wagty ep-esli gysgaldar we täzelenmeleri has ýygy-ýygydan çykarmaga mümkinçilik berer. Kartalar, hatda, awtoulag hereket edip barýan wagtynda hem täzelenip biler. Şol pursatda fon reźiminde diňe zerur bolan ýol bölekleri ýüklener we täze maglumatlar awtoulag indiki gezek otlananda işläp başlar.

Ýewropada bu funksiýa 2026-njy ýylyň martyndan başlap elýeterli bolar. Ol ccNC ulgamy we aýda 9,99 ýewro bahasy bolan "Bluelink Pro" ýazylyşygy bar bolan müşderiler üçin işlär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....