«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

  • 04.03.2026 11:44
  • 9.4k+

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady.
«Barselonanyň» düzüminde Mark Bernal 29-njy we 72-nji minutlarda iki gol geçirdi. Ýene bir goly birinji ýaryma goşulan wagtynda (45+5) penaltini takyk ýerine ýetirmek bilen Rafinýa öz adyna ýazdy.
Jogap duşuşygyndaky uly hasaply ýeňşe garamazdan, iki oýnuň jemi boýunça «Atletiko» öňe saýlandy. Birinji duşuşykda madridliler 4:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy (umumy hasap — 4:3).
«Atletiko» 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ispaniýanyň Kubogynyň finalyna çykdy. Diego Simeoneniň topary finalda «Real Sosýedad» we «Atletik» toparlarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi şu gije belli bolar.
Ispaniýanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Barselona» bolup galýar, olar 2025-nji ýylyň finalynda Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....