Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan modelini alyp, ony hakyky «prezident» limuzinine öwürýärler. ABŞ-nyň iki kompaniýasy — premium awtomobiller hyzmaty bolan «PML Chauffeur Services» we «Platinum Motorsport» awtobezeg atelýesi Presidential diýlip atlandyrylan bilelikdäki taslamany yglan etdiler. Gysga wideodan çen tutsaň, ilkinji nusga eýýäm taýýar diýen ýaly.
Wideoda kaşaň krossoweriň ortarasyndan ikä bölünip, arasyna uzynlygy takmynan bir metr bolan goşmaça bölegiň oturdylyşy görkezilýär.
Jikme-jiklikler häzirlikçe gizlin saklanylýar, emma salonyň hem düýpli üýtgediljekdigi düşnükli: ähtimal, goşmaça oturgyçlar we täze bezeg elementleri peýda bolar. Şeýle limuzinleriň erkin satuwa çykaryljakdygy ýa-da diňe «PML Chauffeur Services» awtoparky üçin niýetlenendigi heniz mälim däl.
Taslama üçin binýat hökmünde Rolls-Royce tarapyndan 2024-nji ýylyň ýazynda hödürlenen täzelenen Cullinan modeli alyndy. Kompaniýa krossoweriň daşky bezegini we salonyny täzeledi, ýöne ýakyn ýyllarda bu modeliň nesliniň doly çalşyp, elektrokara öwrüljekdigi barada gürrüňler bar.
Amerikalylar öňden bäri bäri Cullinan bilen synag etmekden çekinmeýärler: 2023-nji ýylda reperleriň biri üçin krossoweri göwherler bilen bezelen, bölekleýin kabriolet-pikap görnüşine öwrüp, örän täsin nusgasyny döredipdiler. Täze «Presidential» limuzini hem şondan pes bolmadyk täsir galdyrmagy wada berýär we kaşaňlygy hem-de adaty bolmadyk bezegiň muşdaklarynyň ählisini kanagatlandyryp biler.

