Týunerler iň güýçli serialy "Rolls-Royce-y" has-da kämilleşdirdiler

  • 17.11.2025 13:46
  • 4.6k+

Rolls-Royce awtoulaglarynyň týuningi bilen meşgullanýan Novitec kompaniýasynyň Spofec bölümi doly elektrikli Rolls-Royce Spectre Black Badge kupe-siniň ýörite wersiýasyny hödürledi. Kämilleşdirmeler diňe daşky görnüşi däl, eýsem, elektromobiliň häsiýetnamalaryny hem öz içine aldy.

Täze wersiýa boýaglanmadyk karbondan ýasalan kuzow elementleri bilen tapawutlanýar. Kupe goşmaça LED yşyklar bilen üýtgedilen öňki bamper we ýokary tizlikde basma güýjüni gowulandyrmaly bolan yzky bölekde spoýler aldy.
Elektromobil Vossen bilen bilelikde işlenip düzülen 17 şöhleli 24-dýuýmly Spofec SP4 diskler bilen enjamlaşdyryldy. Diskleri 48 dürli reňkde sargyt edip bolýar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, sürmegiň rahatlygyny saklamak bilen awtoulagy has çalasyn edýän ýörite (kaustom) asma ulgamynyň hasabyna klirens 35 mm peseldildi.
"Draýwer" wersiýasy bolan Black Badge-de, iki sany elektrik hereketlendirijili Spectre 659 at güýjüni we 1075 Nm aýlanyş pursatyny ösdürip, 100 km/sagat tizlik sütünini 4,1 sekuntda alýar.


20.04.2026 09:01
3k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...