Çempionlar ligasynda bije çekildi: 1/8 finalyň garşydaş toparlary bilen tanyş boluň

  • 27.02.2026 17:04
  • 12k+

Şu gün Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Çäre UEFA-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirildi.

Ýaryşyň bu tapgyrynda 1/8 finala göni çykan toparlar utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijileri bilen duşuşar. Bijeleriň netijelerine görä, 1/8 finalyň aşakdaky jübütleri kesgitlendi:

·         «Mançester Siti» — «Real Madrid»

·         «Budýo-Glimt» — «Sporting»

·         «Çelsi» — «PSŽ»

·         «Nýukasl» — «Barselona»

·         «Galatasaraý» — «Liwerpul»

·         «Atletiko Madrid» — «Tottenhem»

·         «Atalanta» — «Bawariýa»

·         «Baýer» — «Arsenal»

Şeýle hem ýaryşyň pleý-off tapgyrynyň umumy tertibi düzüldi.

Çempionlar ligasynyň şu möwsüminiň 1/8 final oýunlary 2026-njy ýylyň 10–11-nji we 17–18-nji martynda geçiriler. Jogap oýunlary görkezilen günleriň ikinjisinde bolar.

Ýaryşyň final duşuşygy 2026-njy ýylyň 30-njy maýyna meýilleşdirildi. Ol Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler.


düýn 19:46
5.9k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.3k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

31.05.2026 03:30
8.9k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......