Nissan täzelenen Versa sedanynyň önümçiligine başlady: ine, ilkinji suratlary

  • şu gün 11:54
  • 1k+

Nissan kompaniýasynyň Meksikadaky zawodynda käbir bazarlarda Almera ady bilen tanalýan Versa sedanynyň täzelenen görnüşiniň önümçiligi başlandy.

Modeliň daşky görnüşi düýpli üýtgedildi, emma awtomobiliň jikme-jik tehniki görkezijileri häzirlikçe mälim edilmedi.
Paýlaşylan suratlar kuzowyň öň tarapynyň brendiň döwrebap äheňine görä üýtgedilendigini görkezýär, bu stil Sentra we Murano modellerine meňzeşdir. Täzelenmeler radiator gözenegine, bamperine we ýörite "burçly" gündizki çyralary bilen üpjün edilen yşyklandyryş ulgamyna täsir etdi. Daşyndan görünýän seljermelere görä, kuzowyň 2019-njy ýyldaky esasy gurluşy üýtgewsiz galdy.
Motor1 neşiriniň maglumatyna görä, täze ulagyň häzirki 113 at güýjüne eýe bolan 1,6 litrlik atmosferaly hereketlendirjisiniň ýerine, Braziliýada öndürilen 1 litrlik turbirlenen hereketlendiriji bilen üpjün edilmegi mümkin.
Sedanyň salonyna Sentra modeliniň sanly dolandyryş paneliniň has ýönekeýleşdirilen görnüşiniň ýerleşdirilmegine garaşylýar. Döwrebaplaşdyrylan Versa modeliniň esasy satuw bazary Latyn Amerikasy bolar, ABŞ-a iberilýän önümler bolsa hereket edýän gümrük paçlary sebäpli bes ediler.


24.02.2026 11:29
15k+

Maşyny 100 sagatlap öçürmän işletseň hereketlendirijä näme bolar? Nissan-yň inženerleri muny barladylar

Nissan kompaniýasy hereketlendirijiniň iň ýokary aýlawlarda (oborotlarda) 100 sagatlap yzygiderli işlemeginden soňky ýagdaýyny görkezýän wideo materiallary çap etdi. Ýapon awtoöndürijisiniň hünärmenleri güýç agregatlarynyň adatdan daşary agyrlyklara durnuklylygyny barlamak üçin birnäçe synaglary geçirdiler...

21.02.2026 20:42
2.1k+

Nissan hereketlendiriji bilen bagly meseleler sebäpli 600 müňden gowrak krossoweri yzyna ýygnaýar

Nissan awtokonserni 642 698 sany Rogue krossowerini öz içine alýan iki sany yzyna gaýtaryş kampaniýasyny yglan etdi. Muňa hereketlendirijide we transmissiýada bolup biljek näsazlyklar sebäp boldy, olar hereket wagtynda awtoulagyň kuwwatynyň ýitmegine getirip biler diýip, CBS habar berýär...

15.02.2026 22:54
3.7k+

Nissan maliýe kynçylyklaryndan halas bolmak üçin 7 zawodyny ýapýar we 20 müň işgärini çykarýar

Ýaponiýanyň awtomobil ägirtleriniň biri bolan Nissan milliardlarça dollar ýitgisiniň öňüni almak üçin dünýä boýunça giň gerimli çäklendirmeleri yglan etdi. Kompaniýanyň täze strategik meýilnamasyna görä, 7 sany zawod ýapylar we takmynan 20 müň işgär boşadylar...

17.01.2026 14:32
1.8k+

Zenanlar LEAF-y saýlaýar: Nissan ykjam awtoulaglaryň arasynda öňdebaryjy boldy

Nissan kompaniýasy täze Nissan LEAF-yň Women’s Worldwide Car of the Year (WWCOTY) tarapyndan «Iň gowy ykjam awtomobil» adyny alandygyny habar berdi. Bu awtomobillere ýöriteleşýän diňe zenan žurnalistler tarapyndan berilýän ýeke-täk awtomobil baýragydyr...