«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy

  • 25.02.2026 10:05
  • 5.2k+

«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy.

Klubuň wekilleriniň düşündirmegine görä, 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda iki sany köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň işgärleri we Guramaçylykly jenaýatçylygy we korrupsiýany habar beriş taslamasynyň (OCCRP) wekilleri maglumatlary barlamak üçin kluba ýüz tutupdyrlar. Geçirilen içeri we daşary ekspertizalar bu maglumatlaryň galp resminamalara esaslanýandygyny görkezdi. 19-njy ýanwarda klub bu barada žurnalistlere habar berdi.
Nätanyş we ýalan materiallaryň çap edilmegi sebäpli «Barselona» hasabatyň awtorlaryna garşy töhmet we galplyk üçin ýuridiki işleri başlatmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem ýolbaşçylar bu işe dahylly adamlara garşy çäre görmek üçin düzgün-nyzam komitetine ýüz tutmakçy.

"Barselona" FK bu meseläniň saýlaw döwrüniň gyzgalaňly wagtynda ýüze çykandygyna gynanýar. Bu habar — klubuň esasy gymmatlyklaryndan biri bolan demokratik ösüşi üýtgetmek, agzalaryň özygtyýarlylygyna täsir etmek we ony manipulýasiýa etmek üçin edilen esassyz synanyşyga jogapdyr» — diýlip, katalon klubunyň beýanatynda aýdylýar.

Saýlaw komissiýasyna dalaşgärleri ýalan habarlary ulanmagyň netijeleri barada duýdurmak üçin ähli materiallar gowşurylar.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....