Üstünden 77 ýyl geçeninden soň, Bermud adalarynda ýazgy edilen nämälim sesiň nireden çykanlygy belli boldy. Ol küýki kitiň aýdymynyň iň irki ýazgysy bolup çykdy.
1949-njy ýylyň 7-nji martynda «Atlantis» barlag gämisindäki alymlar Bermud adalarynyň kenarynda akustiki tejribeler geçirdiler. Tejribäniň barşynda suwasty mikrofon maýyl ediji, geň sesleri ýazyp aldy. Alymlar bu sesleriň gelip çykyşyny anyklap bilmän, plastik diskde arhiwe ugratdylar. Aradan takmynan 80 ýyl geçensoň, ABŞ-nyň Wuds-Houl okeanografiýa institutynyň işgärleri köne lentalary sanly ulgama geçirmek işiniň gidýän wagtynda kataloglarda bilinmän ýatan hakyky «hazynanyň» üstünden bardylar. Seljermeler 1949-njy ýylda mikrofonyň küýki kitiň aýdymyny ýazandygyny görkezdi.
«Bu taryhda bize mälim bolan kitleriň ilkinji aýdym ýazgysydyr» diýip, deňiz bioakustikasy boýunça barlagçy Piter Tiak tassyklady.
Tapyndynyň aýratynlygy onuň saklanyş usulyndadyr. 40-njy ýyllaryň ahyrynda alymlar ýuka plastik disklerde ses ýodajyklaryny kesýän «Gray Audograph» enjamyny ulanypdyrlar. Hut şu materialyň durnuklylygy we aýawly saklanylmagy ýazgynyň biziň günümize çenli üýtgewsiz ýagdaýda gelip ýetmegine mümkinçilik berdi. Eger-de kitleriň aýdymy şol döwrüň magnit lentalaryna ýazylan bolsa, ol bireýýäm könelip, dargap gitmelidi.
«Akustik gurallar bize kitleri iň bir görünmeýän ýerlerden hem tapmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, ejiz populýasiýalary goramak we motorlaryň sesiniň, senagat işleriniň haýwanlaryň ýaşaýyş gurşawyna nähili täsir edýändigini yzarlamak üçin örän wajypdyr» diýip, Tiak düşündirýär.
1949-njy ýylyň bu ýazgysy diňe bir taryhy täsinlik bolman, ol alymlara tas segsen ýylyň içinde küýki kitleriň aýdymlarynyň nähili üýtgeýändigini we häzirki wagtda has güýçlenen adam faktorynyň olara nähili täsir edýändigini deňeşdirmäge şert döredýär.
1977-nji ýylda küýki kitleriň aýdymlary Ýer ýüzündäki durmuşyň nyşany hökmünde «Voyager» apparatlarynyň «Altyn plastinkasyna» ýazylyp, älem giňişligine ugradylypdy. Indi bolsa alymlar onuň adamzadyň umman sazlaşygy bilen tanyşlygynyň başlangyjy bolan asyl nusgany diňlemäge mümkinçilik aldylar.
Alymlar 1949-njy ýylda Bermud adalarynda ýazga alnan geň sesiň syryny açdylar
- şu gün 14:29
- 1.5k+
