Samsung-yň bazar bahasy bir ýylda 358% ýokarlanyp, bir trillion dollara golaýlady

  • 21.02.2026 08:34
  • 1.9k+

Samsung Electronics kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy bir ýylyň dowamynda 358% ýokarlanyp, 876,24 mlrd dollara ýetdi. Bir ýyl ozal kompaniýanyň umumy bahasy 244,51 mlrd dollara deňdi.
Günorta koreýaly tehno-ägirdiň häzirki wagtda bir paýnamasynyň bahasy 130 dollardan geçýär.
Analitikler bu maliýe görkezijilerini iki sany uly şertnama bilen baglanyşdyrýar. Korporasiýa Tesla kompaniýasy bilen 16,5 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk amerikan brendiniň elektromobilleri üçin ýarymgeçirijileri öndürmegi göz öňünde tutýar.
Ikinji esasy faktor bolsa, dünýäde HBM4 standartly ýatlaryň ilkinji köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýulmagy boldy. Öndürilýän çipleriň esasy bölegi Nvidia kompaniýasy üçin niýetlenendir. Bu önümler emeli aňyň iň öndürijilikli tizlendirijileriniň biri bolan Vera Rubin platformasynda ulanylar.


09.06.2026 22:05
2k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....