Samsung telewizorlar bazarynda birinjiligi elden berdi: indi TCL öňde

  • 21.02.2026 13:59
  • 4.1k+

 Counterpoint Research seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda TCL kompaniýasy Samsung-dan has köp telewizor satdy. Şunlukda, onlarça ýyllap telewizor bazarynyň lideri hasaplanan günorta koreýaly gigant birinjiligi elden gidirdi. 

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň TCL korporasiýasy dünýäniň telewizor bazarynyň 16%-ine eýe boldy. Samsung-yň paýy bolsa 13%-e deň.


Häzirki wagtda dünýäniň iň iri telewizor brendleriniň bazardaky paýy:  

  • TCL (Hytaý) — 16%;
  • Samsung (Günorta Koreýa) — 13%;
  • Hisense (Hytaý) — 12%;
  • LG (Günorta Koreýa) — 8%;
  • Walmart (ABŞ/Hytaý) — 5%;
  • beýleki brendler — 47%.

TCL eýýäm birnäçe aý bäri depginini artdyryp gelýär. Ýylyň ahyryndaky satuwlaryň birden ýokarlanmagy bolsa, oňa dekabrda Samsung-dan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Bu diňe bir aýyň görkezijisi bolsa-da, TCL-iň önümleri ýyllyk hasabatda hem durnukly ösýär, Samsung-yňky bolsa şol bir derejede galýar.
«Eger TCL Sony bilen dörän bileleşigiň saýasynda premium-segmentde öz ornuny kem-kemden berkidip bilse, onda Samsung-a garşy has güýçli bäsdeşlik görkezip biler» diýip, Counterpoint Research kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Bob O'Braýen belleýär.
Bilermenler bu ýagdaýy Samsung we LG kompaniýalarynyň soňky ýyllarda has gymmat bolan OLED telewizorlaryna köp üns berip, QLED we beýleki suwuk kristally (LCD) modelleriň paýyny kem-kemden azaltmagy bilen düşündirýärler. Şol sebäpli bazarda elýeterli LCD telewizorlara bolan isleg artdy. Bu islegi bolsa hem býujet, hem lýuks modelleri öndürmäge döwtalap hytaýly brendler kanagatlandyryp bilýärler. Hut şu ýagdaý hem olara, şol sanda TCL we Hisense kompaniýalaryna dünýä boýunça has köp telewizor satmaga we önüm ibermek möçberini artdyrmaga amatly ýol açdy.


09.06.2026 22:05
2k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....