Fransiýaly inžener smartfondan dolandyrylýan 10 gramlyk robot-guş ýasady

  • 19.02.2026 23:16
  • 5.3k+

Fransuz inženeri Edwin Wan Rýumbeke ganatlaryny işjeň kakmak arkaly guşlaryň uçuşyny gaýtalaýan «Swift» atly ornitopter dronuny tanyşdyrdy. Agramy bary-ýogy 10,9 gram bolan bu robot-guş iOS we Android ulgamlaryndaky ýörite mobil programma arkaly dolandyrylýar.

Taslamany dörediji bu modeli ähli ulanyjylar üçin niýetlenen uniwersal enjam hökmünde öňe sürýär. Enjamyň esasy aýratynlygy — çalt uçuşlar üçin tizlendiriji we haýal, durnukly manýowrlar üçin niýetlenen iki sany çalşyrgyç guýrugynyň bolmagydyr. Gurluşyna laýyklykda ornitopter açyk meýdanda sagatda 31 km tizlik bilen uçup bilýär we edil şonuň ýaly, binalaryň içinde sagatda 3,5 km çenli haýallap bilýär.
Robot-guşuň göwresi polipropilen köpüginden, uglerod çybyklaryndan we titandan ýasalan. Enjam bir gezek zarýad berlende 10–12 minut uçmaga ukyply bolup, dolandyryş aralygy 150 metre çenli ýetýär. Mobil programma her bir guýruk üçin bäş sany uçuş sazlamasyny hödürleýär, şeýle-de has amatly dolandyrmak üçin «X-Play» atly ýörite joýstik aksessuaryny hem ulanmak bolýar.
Drony eldenem, ýerdenem uçuryp bolýar.

Enjamyň bölekleýin satuwdaky bahasynyň 156 ýewro bolmagyna garaşylýar, Kickstarter arkaly öňünden sargyt edýänler üçin bolsa baha 109 ýewro çenli düşüriler. Ilkinji önümleri eýelerine sentýabr aýynda gowşurmak meýilleşdirilýär.
 


13.05.2026 19:33
1.3k+

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

10.05.2026 20:12
5.4k+

Günorta Koreýada robot ilkinji gezek budda keşişi hökmünde kabul edildi

Golaýda Seulyň Çoge Ordeniniň ybadathanasynda täsin dabara boldy. Günorta Koreýanyň 1200 ýyllyk taryhy bolan iň iri dini jemgyýetiniň hataryna ilkinji gezek adampisint robot resmi taýdan keşiş hökmünde kabul......

09.05.2026 09:01
4.5k+

Ýewropada deňiz düýbüni zibillerden arassalamak üçin robotlar we emeli aň ulanylýar

Ýewropada robotlaryň we emeli aňyň kömegi bilen deňiz düýbüni arassalamaga niýetlenen SeaClear 2.0 ulgamynyň synaglary başlandy....

09.05.2026 07:08
812

Meta robotlar üçin EA-ny işläp düzmegi çaltlandyrmak maksady bilen ARI startapyny satyn alýar

Meta kompaniýasy gumanoid robotlar üçin emeli aňy işläp düzmäge ýöriteleşen Assured Robot Intelligence (ARI) startapyny satyn alýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň çäklerinde (bahasy aýan edilmeýär)......