Argentinada agramy 720 kilograma ýetýän äpet köke bişirildi

  • 16.02.2026 18:09
  • 6.7k+

Argentinada 720 kilogram agramly däp bolan äpet alfahor kökesi taýýarlanyldy diýip, «La Capital S.A.» neşiri habar berýär. Konditerleriň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan guralan bu çäre Mar-del-Plata şäheriniň esaslandyrylmagynyň 152 ýyllygyna bagyşlandy.
Bu süýjülik MAR muzeýinde görkezildi we şol ýerde täze rekord resmi taýdan hasaba alyndy. Ol geçen ýylky 640 kilogram görkezijiden ýokary boldy. Ýerli ussatlara bu äpet kökäni taýýarlamak üçin birnäçe gün gerek boldy. Resmi dabaradan soň, alfahor böleklere bölünip, muzeýe gelenlere mugt paýlanyldy. Guramaçylar bu çäräniň ýurduň möhüm syýahatçylyk we aşpezlik merkezi hasaplanýan şäheriň hünär däplerini goldamaga gönükdirilendigini belledi.
Kökäni dadyp görmek üçin müňlerçe ýerli ýaşaýjy we syýahatçy ýygnandy. Olar bu süýji tagamy datmak üçin uzyn nobata durdy. Şäheriň ýyllygyny baýram etmek dabarasy dürli medeni we göwnaçyjy çäreler bilen utgaşyp, şäherde baýramçylyk ruhuny döretdi.


düýn 18:02
3.3k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 12:39
5k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

düýn 08:03
4.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

07.06.2026 10:00
3.5k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......