Ussat operaçy zenanyň Gresiýadaky ägirt portreti köçe sungatynyň naýbaşy nusgasy diýlip ykrar edildi

  • 16.02.2026 12:25
  • 4.1k+

XX asyryň beýik opera aýdymçysy Mariýa Kallasyň şekillendirilen ägirt uly muraly köçe sungatyny resmileşdirýän we wagyz edýän halkara Street Art Cities platformasy tarapyndan 2025-nji ýyl boýunça dünýäde iň gowusy diýlip ykrar edildi. Işiň awtory grek suratkeşi Kleomenis Kostopulos (KLE).
Kalamata şäherindäki ýaşaýyş jaýynyň tutuş boýuny tutýan mural eýýäm ýerli gözellikleriň birine öwrüldi. Taslama şäheriň merkezini döwrebap sungat bilen bezemek başlangyjynyň çäklerinde häkimlik tarapyndan buýruldy.

Street Art Cities binanyň öň tarapyny gurşap alýan muralyň şäheriň ýüregine az-kem poeziýany, dürli reňklerdir hyýallary  aralaşdyrýandygyny belleýär. Suratda Kallas adamyň tebigat bilen gatnaşygyny alamatlandyrýan miweli şahalar we guşlar bilen gurşalypdyr. Suratkeş sosial torlarda bu işi goldanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, baýragy «umumylykda gazanylan üstünlik» hasaplaýandygyny belläpdir.


düýn 21:09
850

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 10:39
4.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

20.06.2026 16:49
3.4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 19:18
3.7k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......